<?xml version="1.0" encoding="UTF-8"?><song><lyrics>[V1]
 Meniň Rebbim sönmez
 Baky Çyradyr,
 Owaldan bar bolan baky Hudaýdyr,
 Meni halas eden Halasgär Isa,
 Sizi halas etjek Isa Hudaýdyr,
 Hudaýyň öýünde toýlar başlanar!
 Isanyň öýünde toýlar başlanar!

[V2]
 Her gün Rebbimden rehim soraýan,
 Her gün Rebbimden goltgy soraýan,
 Her gün Rebbimden pata soraýan,
 Rebbimiň öýünde
 toýlar başlanar!
 Isanyň öýünde
 toýlar başlanar!

[V3]
 Imanlylar bilen
 ýygnaklar guraly,
 Mätaçlere elmydam
 ýagşylyk kylaly,
 Hudaýyň Hoş Habaryn
 yglan edeli,
 Hudayň hak işlerin
 yglan edeli,
 Atamyň öýünde
 toýlar başlanar!
 Isanyň öýünde
 toýlar başlanar!

[V4]
 Isa geler bir gün
 göklerden düsüp,
 Dünýä haýran bolar
 Rebbimi görüp,
 Täze şäher geler
 şöhlesin saçyp,
 Asman Şalygynda
 toýlar başlanar,
 Jennetiň jaýynda
 toýlar başlanar!

[V5]
 Mynasyp bolanlar
 Rebbiň Öýüne,
 Wada berdi Rebbim
 Jennet Öýüne,
 Rehim kylsa alar
 Behişt Öýüne,
 Taňrynyň Öýünde
 toýlar başlanar!
 Atamyň Öýünde
 toýlar başlanar!

[V6]
 Isa Mesihe sygynyp
 duýdyryp aýdýas,
 Uklaman oýada
 ýygnak guralyň,
 Şunlukda ebedi
 Reb bilen bolarys,
 Rebbimiň öýünde
 toýlar başlanar!
 Mesih Guzynyň
 Toýy başlanar!
 Asman Şalygynda
 toýlar başlanar!</lyrics>
<title>Isanyň öýünde toýlar başlanar! N90</title>
<hymn_number>90</hymn_number>
</song>